BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda “eTender” ulgamyna geçýär

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda “eTender” ulgamyna geçýär

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) 1-nji sentýabrdan başlap onlaýn-tender ulgamyna geçýär. Elektron söwda ulgamy BMGÖM-niň tender bäsleşikleriniň alnyp barlyşyny ýeňilleşdirmek maksady bilen göz öňünde tutuldy diýlip, BMGÖM-niň resmi saýtynda aýdylýar.

BMGÖM-niň beýanatynda “Bu ulgam arkaly bäsleşik möhletiniň bitewüligini we açyklygyny artdyrmagy maksat edinýär, şeýle hem gatnaşyjylar “eTendering” bilen tekliplerini tabşyryp, tender resminamalaryny görüp bilerýärler, ütgeşiklik girizilen ýagdaýynda ulgamdan awtomatiki ýagdaýda habar alarýarlar” diýlip bellenýär.

Ozal BMGÖM-niň bäsleşikleri ýa-da boş orunlary bilen gyzyklanýanlar ep-esli kagyz iberen bolsalar, täze “eTendering” ulgamy bu amaly ýeňilleşdirip, ähli maglumatlary elektron ulgamy arkaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Ulgamda möhleti gutarýança tabşyrylan resminamalara üýtgeşiklik girizmek hem elýeterli edilendir.