Türkmen Lideri Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar

Türkmen Lideri Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar
Singapurda transmilli korporasiýalar wajyp orun eýeleýär.

16-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow awgust aýynyň aýagyna meýilleşdirilýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Singapur Respublikasy – Günörta-Gündogar Aziýada adalarda ýerleşýän şäher-döwletdir. Singapuryň meýdany 724,2 km² (2018-nji ýyl). Döwletiň tutýan meýdany 1960-njy ýyllardan bäri hereket edýän Çägi ýuwmak maksatnamasynyň netijesinde yzygiderli artýar. Häzirki wagtda Singapur döwleti 63 adadan ybarat. Ilaty – 5.781.110 adam (2019-njy ýyl). Singapur dünýäniň 186 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar.

Singapurda transmilli korporasiýalar wajyp orun eýeleýär. Adam başyna düşýän jemi milli önümiň möçberi dünýäde iň ýokary görkezijileriň birine deňdir (2015-nji ýylda alyjylyk ukybynyň dürli ýurtlaryň walýutalarynyň altyn bilen ölçelýän gatnaşygy boýunça — 85 müň ABŞ dollary). Bütindünýä ykdysady forumyň bäsdeşlige ukyplylyk sanawynda Singapuryň ykdysadyýeti 2018-nji ýylda 2-nji orny eýeledi (deňeşdirmek üçin: 2008-nji ýylda – 134 ýurduň arasynda 5-nji orun).

Eksporty — 235,8 milliard dollar, şol sanda elektron we elektrotehniki senagatynyň önümleri, sarp edijilik harytlary, tebigy kauçugyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde alnan önümler, nebit önümleri bar.

Importy — 219,5 milliard dollar: maşynlar we enjamlar, ýangyç, himiki harytlar, azyk harytlary.

2022