Ýewropa konsorsiumy metanol öndürýän zawod boýunça taslama hödürleýär

BT
Ýewropa konsorsiumy metanol öndürýän zawod boýunça taslama hödürleýär
Ýewropa konsorsiumynyň wekilleri türkmen kompaniýalarynyň wekilleri bilen birinji Hazar ykdysady forumynda, Awaza, 2019-njy ýylyň awgust aýy.

Ýewropanyň “Edison Technologies”, “MMEC Mannesmann GmbH” we “Air Liquide Global E&C Solutions” hem-de Hytaýyň “SINOPEC Engineering Group” kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium Türkmenistanda tebigy gazdan metanol öndürjek zawod boýunça maýa goýum taslamasyny hödürleýär.

11–12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda “Edison Technologies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Edison Kasapoglu uly göwrümli bu taslamany konsorsiumyň adyndan prezentasiýa etdi.

“Hazar deňziniň energiýa mümkinçilikleri” atly maslahatyň dowamynda çykyş eden Kasapoglu metanolyň himiýa, plastika, faner, boýag, lak, kosmetika we suwuk energiýa serişdeleriň önümçiliginde giňden ulanylýandygyny hem-de bütindünýä bazarynda metanola bolan talabyň barha ýokarlanýandygyny nygtady.

Konsorsiumyň wekiliniň bellemegine görä, metanoly köp sarp ediji ýurtlar Aziýa hem-de Ýewropa döwletleri, hususan-da Germaniýa we Hytaý bolup durýar. Metanola bolan talabyň barha artmagynyň esasy sebäbi onuň "suwuk energiýa" üçin ulag ýangyjy hökmünde ulanylmagydyr.

Ýylda 20 million tonna öndürilýän metanoly suwuk ýagdaýda saklamak wodoroda hem-de tebigy gaza garanyňda has ýeňil düşýär. Şol sebäpli hem oňa ygtybarly energiýa serişdesi hökmünde garalýar. Öndürilen metanolyň 40 göterime golaýy plastika, faner, boýag we propilen önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýar.

Bu pudagyň ösmegine Hytaýda metanol-olefin (MTO) kärhanalarynyň gurluşygyna goýulýan maýa goýumlaryň barha artmagy hem itergi berýär. 2025-nji ýyla çenli Hytaýda olefinleriň önümçilik kuwwatynyň iki esse artmagyna garaşylýar. Metanolyň himiýa senagatynda barha giňden ulanylmagy geljekde onuň bu pudakda esasy çig mala öwrülmegine getirer.

Hazar sebitinde tebigy gaza baý ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan tassyklanan gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

“Edison Technologies” ýeňil we agyr senagat, nebit we gaz hem-de elektronika pudaklarynda hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän inženerçilik we maslahat beriş kompaniýasydyr. Ol kompaniýalara meýilleşdiriş, bazary öwreniş we maliýeleşdiriş boýunça dolandyryş hyzmatlaryny hem hödürleýär.

“MMEC Mannesmann” (MMEC) nemes inženerçilik kompaniýasy bolup, ol müşderilere taslamanyň öwrenilip başlanmagyndan durmuşa geçirilmegine çenli ähli tapgyrlarda öz hyzmatlaryny hödürleýär. Bu kompaniýa nebit-gaz, himiýa senagaty, metal önümçiligi, magdançylyk we gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmeleri boýunça iş alyp barýar.

“Air Liquide Global E&C Solutions”, “Air Liquide Group” kompaniýasynyň inženerçilik we gurluşyk ugurlarynda işleýän bölegi bolup, gaz tehnologiýasy we senagat pudagy boýunça hyzmat ulgamlarynda dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýär. 1902-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýanyň dünýäniň 80 ýurdunda 66 müň işgäri bolup, ol 3.6 million adama hyzmat edýär. Bu kompaniýa gaz-himiýa pudagyna degişli öňdebaryjy tehnologiýalara eýedir.

“SINOPEC Engineering (Group) Co.,Ltd.” nebiti gaýtadan işlemek we himiýa senagaty pudaklarynda iş alyp barýan Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýasydyr. Ol nebit we gaz ammarlary, turbalaryň daşalmagy we olar boýunça bejergi işleriniň geçirilmegi, şeýle-de uly göwrümli enjamlaryň göterilmegi boýunça infrastruktura hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýa nebiti gaýtadan işleýän enjamlary hem öndürýär.