“Älem açar” Daşoguzda iki gatly hassahanany ulanyşa girizer

“Älem açar” Daşoguzda iki gatly hassahanany ulanyşa girizer
Täze hassahanada bejeriş-dikeldiş hyzmatlary bilen bir hatarda keselleri anyklamaga niýetlenen bölümler ýerleşdiriler.

“Älem açar” hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynda bina edilýän hassahanany ulanyşa girizmäge taýynlaýar. Welaýat merkeziniň Şagadam köçesiniň ugrunda açyljak iki gatly hassahana bu ýerde ýerleşýän jemgyýetçilik infrastrukturasynyň üstüni ýetirer diýlip “Türkmenistan: Altyn Asyr” internet neşirinde aýdylýar.

Täze hassahanada bejeriş-dikeldiş hyzmatlary bilen bir hatarda keselleri anyklamaga niýetlenen bölümler ýerleşdiriler. Merkezde dürli ugurlara niýetlenen aýratyn otaglar, laboratoriýalar, dolandyryş otaglary we dermanhana bolar.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda 14 hassahana, 20-den gowrak saglyk merkezleri we saglyk öýleri bina edildi we täzeden dikeldildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa klinikasynyň gurluşygy dowam edýär.