“Men telekeçi” ussatlar bilen ýaş telekeçileri bir ýere jemledi

BT
“Men telekeçi” ussatlar bilen ýaş telekeçileri bir ýere jemledi
Çärede “Akylly tilsimat” kompaniýasynyň biznesi ösdürmek boýunça direktory Farhad Artykow “Hünärmenler hemme zadyň çözgüdi” şygarynyň esasynda çykyş etdi.

Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanhanasynda “Akylly tilsimat” hojalyk jemgyýetiniň “Men telekeçi” taslamasynyň çäklerinde “Ýaş telekeçileriň döwri” forumy geçirildi.

Anna güni geçirilen forumyň başynda kompaniýanyň direktory Mähri Ahmedowa taslama barada maglumat berip, “startap” we “telekeçilik” sözleriniň manysy barada çykyş etdi. Türkmenistanda telekeçilik işiniň görnüşleri we bu işe başlamagyň hukuk taýdan binýady barada aýdan Ahmedowa kompaniýalar bilen işgärleriň arasyndaky gatnaşyklara degindi.

Kompaniýanyň “Men telekeçi” taslamasy iýul aýynda Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan maliýe goldawyny alypdy. Forumda çykyş eden ilçihananyň Taslamalar, ösüş we energetika boýunça hünärmeni Eldar Latypow Türkmenistanda häzirki wagtda çenli birnäçe taslama goldaw berendiklerini aýdyp, şeýle taslamany goldaýandyklaryna buýsanýandyklaryny belledi.

Forumyň dowamynda “Orlan” kompaniýasynyň maslahat beriş bölüminiň başlygy Andreý Skopow "üstünlige barýan ilkinji 10 ädim" barada çykyş etdi. Skopow bir işi başarmak üçin ilkinji ädimi ätmegiň ähmiýeti barada aýdyp, bu tapgyrda täze başlaýan telekeçiniň özüne bermeli soraglary barada belläp geçdi.

“Hiç hili hereket etmezden pul gazanmak diňe üstünlige ýetenleriň başarjak zady” diýen Skopow başgalaryny diňlemelidigini, ýöne başlangyçdaky pikiriň hem ýatdan çykarylmaly däldigini aýdyp, kynçylyklardan boýun gaçyrman, olary böwsüp geçmegiň ugurlaryny gözlemegiň telekeçilik işine ýetirjek oňyn täsiri barada maglumat berdi.

Çäräniň dowamynda “Akylly tilsimat” kompaniýasynyň biznesi ösdürmek boýunça direktory Farhad Artykow “Hünärmenler hemme zadyň çözgüdi” şygarynyň esasynda çykyş etdi. Artykow kompaniýalarda iş güýjüniň esasy üç bölege – täzelikleri yzarlaýan, çuňňur gözlegleri ýerine ýetirýän, gepleşikleri geçirýän – bölmelidigini aýdyp, başlyklaryň hünärmen saýlanlarynda esasy üns bermeli ugurlary barada belledi.

Forumda “Caspy Creative” kompaniýasynyň marketing boýunça wekili Maksat Çaryýew, “DEM Promotion” kompaniýasynyň direktory Elhan Izatow, “Ak sahypa” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Haknazar Babagulyýew çykyş etdi.

“Akylly Tilsimat” HJ täze täjirçilik pikirlerini durmuşa geçirmäge ýardam berýän “Men Telekeçi” taslamasynyň çäklerindäki ilkinji forumyny 16-njy aprelde geçirdi.

2022