Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde (TSTB) penşenbe güni ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Kristofer Edwards bilen duşuşyk geçirildi.
Myhman TSTB-nyň işi bilen tanyşdyryldy. Geljegi uly bolan birnäçe taslamalary, şol sanda oba hojalyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmekde USAID bilen hususy kompaniýalaryň hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bellenildi.
TSTB-niň resmi saýtynda habar berilmegine görä, USAID-iň sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy TSTB bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini goldamak boýunça, şeýle-de syýahatçylyk ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmekde alnyp barylýan özara hereketi berkitmek boýunça teklipleri beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.