TNGIZT iňňe görnüşli koks öndürer

TNGIZT iňňe görnüşli koks öndürer
Iňňe görnüşli koks – agyr senagatda, metallurgiýada, goranmak, elektron we atom pudaklarynda, şol sanda elektromobilleriň önümçiliginde ulanylýan UHP kysymly grafitlenen elektrodlaryň önümçiligi üçin esasy çig maldyr.

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň patentlenen tehnologik usulyny ulanmak arkaly iňňe görnüşli koks öndürer. Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň elektron gazetiniň maglumat bermegine görä, kompaniýanyň hünärmenleri zawodlar toplumynyň tehnologik mümkinçilikleriniň iňňe görnüşli koksuň önümçiligini ýola goýmaga esas berýändine ynam bildirýär.

Katalitik tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nebit galyndylaryndan diňe bir adaty koks däl, eýsem, nebitden düýbünden täze önüm alyp bolýar. Adaty metallurgik koks bilen deňeşdirilende, iňňe görnüşli koks düzüminde has az mukdarda kül garyndylaryny we kükürdi saklaýar.

Dünýä bazarynda iňňe görnüşli koksuň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Diňe Hytaýda oňa bolan isleg 2020-nji ýylda 600 müň tonna ýeter.

Koksuň önümçiligi Türkmenistanyň dünýä bazaryna ýokary hilli önümi çykarmagyna mümkinçilik berer. Bu önüm Hindistanda, Hytaýda, ÝB, GDA ýurtlarynda we dünýäniň beýleki sebitlerinde ýokary islegden peýdalanýar.

Iňňe görnüşli koks – agyr senagatda, metallurgiýada, goranmak, elektron we atom pudaklarynda, şol sanda elektromobilleriň önümçiliginde ulanylýan UHP kysymly grafitlenen elektrodlaryň önümçiligi üçin esasy çig maldyr.

Soňky ýyllaryň dowamynda Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalaryny gurmak we abatlamak bilen meşgullanýar.

2022