“Ynamdar” internet söwda hyzmatyna başlady

BT
“Ynamdar” internet söwda hyzmatyna başlady
Alyjylar islendik harydy satyn almak üçin saýtda hasaba durup, öz elektron sebetini dolduryp biler.

Internet arkaly söwda etmek hyzmatynyň hataryna “Ynamdar” hem goşuldy. Onuň elektron dükanyndan iýmit önümleri, arassaçylyk serişdeleri, parfýumer we çaga üçin serişdeleri sargap bolar.

Saýtdaky suratlaryň hili önümiň özi bilen barabardyr. Alyjylar islendik harydy satyn almak üçin saýtda hasaba durup, öz elektron sebetini dolduryp biler.

Wagtal-wagtal bu onlaýn-dükanynda dürli arzanladyşlar we aksiýalar geçirilip durulýar. Harytlary eltip bermek hyzmaty häzirki wagtda Aşgabat şäheri boýunça mugt amala aşyrylýar.

Tölegleri nagt hem nagt däl görnüşinde amala aşyryp biljek söwdaňyzy has hem ýeňilleşdirmek üçin applikasiýa ýakyn wagtda ulanyjylara hödürlener.

2022