“Apple” kompaniýasy “ajaýyp gurallarynyň” täze tapgyry bilen tanyşdyrdy

BT
“Apple” kompaniýasy “ajaýyp gurallarynyň” täze tapgyry bilen tanyşdyrdy
“Apple”-iň direktory Tim Kuk ähli önümlerinde müşderini merkeze goýup hereket edýändiklerini aýtdy.

Apple kompaniýasynyň adat bolup gelýän täze önümlerini tanyşdyryş dabarsynyň nobatdaky sany sişenbe güni ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde ýerleşýän “Apple Park”-da geçirildi.

Çäräniň dowamynda kompaniýa “Apple Arcade” we “Apple TV+” hyzmatlaryna getiren täzelikleri bilen tanyşdyryp, 7-nji nesil “iPad”, 5-nji “Apple Watch”, “iPhone 11” we “iPhone 11 Pro” ýaly täze önümlerini köpçülige äşgär etdi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda çykyş eden “Apple”-iň direktory Tim Kuk ähli önümlerinde müşderini merkeze goýup hereket edýändiklerini aýdyp: “Biz elmydama adamlara ajaýyp gurallary bermek arkaly olaryň ajaýyp işleri etmegini gazanyp boljakdygyna ynanýarys” diýdi.

Telefon oýunlaryna gönükdirilen “Apple Arcade” hyzmaty bilen tanyşdyrmaga başlan Kuk “Apple” önümlerini ulanyjylaryň oýunlardan lezzet almagy üçin birnäçe oýun işläp taýýarlaýjylar bilen hyzmatdaşlyk edendiklerini belledi.

“App Store”-iň dolandyryjysy Ann Taý “Apple Arcade” hyzmaty barada giňişleýin gürrüň berip, oýun hyzmatyna agza bolanlaryň 100-den gowrak täze oýundan peýdalanmaga mümkinçilik gazanjakdygyny aýtdy. Ulanyjylaryň bu hyzmatdan kompýuterde, smartfonda we telewizorda bir wagtda peýdalanyp biljekdigi barada belläp geçen Ann “Apple Arcade” hyzmatynyň 19-njy sentýabrdan başlap dünýäniň 150 ýurdunda aýlyk 4.99 dollar töleg bilen elýeter boljakdygyny mälim etdi.

Çäräniň dowamynda “Apple TV+” hyzmatynda Noýabr aýyndan başlap elýeter boljak täze filmler aýan edildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda nobat täze “ajaýyp gurallara” geldi

“Apple”-iň wise-prezidenti Greg Joswik 7-nji nesil “iPad” bilen tanyşdyrdy. Sentýabr aýynyň 30-ndan başlap sargyt edenlere ugradylyp başlanjak täze planşetiň bahasy 329 dollar bolar; bilim ulgamy üçin niýetlenen görnüşi bolsa 299 dollar. Joswikiň beren maglumatyna görä, ýörgünli kompýuterlerden 2 esse çalt işleýän bu “iPad”-iň gabarasy gaýtadan işlenen alýuminden ýasalypdyr. Täze planşetiň ekrany 10.2 inçlik retina ekran bolup, 3.5 million pikseli özünde jemleýär.

Joswikden soňra kompaniýanyň wise-prezidenti Stan Ngniň tanadan “Apple”-iň 5-nji seriýa akylly sagady bolan “Apple Watch” doly zarýady bilen 18 sagat işlär. 399 we 499 dollardan satylýan bu sagatda hemişe açyk durar ýaly edip sazlamaga mümkinçilik döredilendir.

“Apple”-iň önüm dolandyryjylaryndan Kaýan Drans 6.1 inçlik “iPhone 11”-iň aýratynlyklary barada aýdyp, täze smartfonda häzire çenli ulanylan iň çalt prosessoryň – “A13” çipiniň ýerleşdirilendigini mälim etdi. Hersi 12 megapiksel bolan iki kameraly “iPhone 11”-iň batareýasy “iPhone XR”-den 1 sagat köp işlär. Täze önüm 5 aýry reňkde hödürlenip, 699 dollardan satylar.

Çäräniň soňky önümi bolan 3 kameraly “iPhone 11 Pro” bilen kompaniýanyň marketing boýunça wise-prezidenti Filip Şiller tanyşdyrdy. 5.8 inçlik täze smartfonyň “iPhone 11 Pro Max” görnüşiniň ekrany 6.5 inçe barabardyr. Öňümizdäki anna güni onlaýn sargyt etmek isleýänlere elýeter boljak “iPhone 11 Pro”-nyň bahasy 999 dollara, “iPhone 11 Pro Max”-yň bahasy bolsa 1099 dollara deň bolar. Bu smartfonyň kamerasy sekuntda 60 kadr we 4K hilinde wideo düşürmäge mümkinçilik berýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022