Alabaýlary ýetişdirmäge niýetlenen toplum açyldy

BT
Alabaýlary ýetişdirmäge niýetlenen toplum açyldy
Toplumda uly itleri saklamak üçin 40 sany ýer, ýaş itler üçin 30 ýer göz öňünde tutuldy.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda "Türkmen alabaý itleri" hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy açyldy.

"Bary" hojalyk jemgyýeti hem-de esasy we kömekçi potratçy edaralar tarapyndan bina edilen toplumda uly itleri saklamak üçin 40 sany ýer, ýaş itler üçin 30 ýer göz öňünde tutulandygy “Türkmenistan: Altyn Asyr” neşiriniň habarynda aýdylýar. Şeýle hem toplumyň çägine dolandyryş binasy, işgärleriň dynç almagy üçin niýetlenen bassyrma, işgärler üçin bina, barlag geçiriş nokady girýär.

Toplumyň hojalyk binasy itleri naharlamak üçin otagdan, sowadyjy, hojalyk we ammar otaglaryndan ybarat bolup, itleri suwa düşürmäge niýetlenen ýörite bina hem guruldy. Şeýle hem weterinar gulluk binasynyň 5-si, itleri gezdirmek we türgenleşdirmek üçin bassyrmaly manež, tomaşaçylar üçin münberli tomaşa meýdançasy toplumyň binalarynyň hatarynda.

Türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barmaga we alabaýlary saklap, köpeltmäge niýetlenen toplumyň açylyş dabarasynda çykyş eden welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow: “Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli gymmatlygymyz hasaplanýan alabaýlaryň geljekde ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, olaryň dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga hem uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr” diýdi.

Welaýatyň häkimi dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan "Türkmen alabaýy" diýen täze kitabyny gowşurdy.

2022