Oba hojalyk ulgamyndaky hususyýetçileriň sany 2,500-e ýetdi

Oba hojalyk ulgamyndaky hususyýetçileriň sany 2,500-e ýetdi
Hususyýetçilere uzak möhletleýin berlen 70 müň gektarlyk ýerde gök we bakja ekinlerinden, şeýle hem iýmitlik ekinlerinden ýerlikli ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalygy bölüminiň maglumatyna görä, gök we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirýän hususy kärhanalaryň, telekeçileriň, hojalyk jemgyýetleriniň sany 2.5 müňe ýetdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.

Hususyýetçilere uzak möhletleýin berlen 70 müň gektarlyk ýerde gök we bakja ekinlerinden, şeýle hem iýmitlik ekinlerden ýerlikli ösüş gazanyldy. 8 gektar ýer bolsa miwelik agaçlara aýryldy. Bu çäkde agaçlaryň 8 milliona golaýy ekildi diýlip, habarda aýdylýar.

Fewral aýyndan başlap 1.6 müň gektar ýerde şetdalynyň, erigiň, armydyň, üljäniň we badamyň ýokary hasylly agaç nahallary oturdyldy. Ýörite aýrylan ýerde ýetişdirilýän üzüm agaçlary ýerlikli ösdi. Iýmişleriň ösdürilip ýetişdirilýän ýerine üstümizdäki ýylyň dowamynda alyjylaryň arasynda has köp talap edilýän iýmiş nahallarynyň täze 5 milliony ekildi.

Oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň oba hojalygynyň häzirki zaman usullaryny ulanmagy olara her gektardan 150-200 tonna hasyl almaga mümkinçilik berýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022