Türkmenistanyň DIM-i: “Halkara maglumat merkezini” döretmek maksada laýyk hasaplanylýar

BT
Türkmenistanyň DIM-i: “Halkara maglumat merkezini” döretmek maksada laýyk hasaplanylýar

Türkmenistanda ýerli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek maksady bilen “Halkara maglumat merkezi” dörediler.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow milli habar beriş serişdeleriniň häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň işjeň ulanylmagy babatynda şeýle merkezi döretmegiň maksada laýyk hasaplanylýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek boýunça degerli çäreleriň görülýändigini aýdan Meredow sebitiň döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen habarlary alyşmak, gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işleriň dowam edýändigini belledi.

Şeýle işleriň ähmiýetine ünsi çeken Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda görülýän çäreleriň täze multimediýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşmagyna ýardam etmelidigini nygtady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýändigi hem aýdyldy.