Kärendeçi Garagumyň çägeli topragynda miwe agaçlaryny oturtdy

BT
Kärendeçi Garagumyň çägeli topragynda miwe agaçlaryny oturtdy
Kärendeçi Ýazhanow geçen bir ýarym ýylyň içinde sähraýy ýeri özleşdirip, şetdaly, alma, garaly we ülje ýaly miweli agaçlaryň 2 müň düýbüni oturtdy.

Kärendeçi Durdymyrat Ýazhanow Garagum derýasynyň kenarynda ýerleşýän 6,5 gektar ýeriniň gum şertlerinde bagbançylyk bilen meşgullanýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu ýeri gysga wagtlaýyn kärendesine alan Ýazhanow geçen bir ýarym ýylyň içinde sähraýy ýeri özleşdirip, şetdaly, alma, garaly we ülje ýaly miweli agaçlaryň 2 müň düýbüni oturtdy.

Hatarlaryň arasyna ýeralma, baklajan, bulgar burçy, mekgejöwen ekýän kärendeçi, her boş ýerde ýa-da alaňda bakja ekinlerini ekýär. Ýeralmasy ekilmezinden öň ýeriň düzümi nohutly ekinler bilen güýçlendirilýär.

Bulardan başga-da, Garagum derýasynyň kenary tut agajy bilen berkidilýär, häzirki wagtda bu agaçlaryň 1.5 müň sanysy boý alýar. Üstümizdäki güýz aýynda bir ýyllyk tut nahallarynyň müň sanysyny dikmek göz öňünde tutulýar.

2022