Türkmen gawuny Awstriýa eksport edilmäge başlandy

BT
Türkmen gawuny Awstriýa eksport edilmäge başlandy
“Gyzyl gülaby’ atly meşhur gawuny “Turope Consult GmbH” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýan “Ter önüm” hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta iberilýär.

Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda ýetişdirilen gawunlaryň 18,5 tonnasy eltildi.

“Gyzyl gülaby’ atly meşhur gawuny “Turope Consult GmbH” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýan “Ter önüm” hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta iberilýär. Ekologiýa taýdan arassa karton gutulara gaplanan türkmen topragynyň bu nygmaty “Volvo” kysymly sowadyjy ýük awtoulaglarynda awstriýaly alyjylara ugradyldy.

Türkmen işewürligi içerki bazary dürli görnüşli azyklyk önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen bir hatarda, daşary söwda aragatnaşyklaryny hem yzygiderli ösdürýär, miwe, gök önüm, bakja ekinlerini eksporta iberiji hökmünde öz ornuny barha berkidýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň Russiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurtlaryndan bolan hemişelik müşderileri bilen gatnaşyklary barha giňeýär.

Häzirki wagtda “Ter önüm” ýüzlerçe daýhan hojalyklaryndan oba hojalyk önümlerini alýar. Onuň ýük awtoulaglar parkynda sowadyjylar, oba hojalyk önümleri saklanylýan, saýlanylýan we gaplanylýan kärendesine alnan ammarlar bardyr. Bu hojalyk jemgyýeti paýtagtymyzyň sebitindäki iri söwda dükanlaryny, bazarlaryny, restoranlary we myhmanhanalary gök we bakja önümleri, miweler bilen üpjün edýär.

Maý aýynda “Ter önüm” Mumbaý (Hindistan) şäherinde geçirilen möwsümleýin oba hojalyk önümlerini öndürijileriň halkara sergisine gatnaşdylar. Türkmenistanda öndürilen ter we gaplanan gök önümlere we miwelere, gawunlara we kakadylan miwelere ýokary baha mynasyp boldy we türkmen nygmatlary altyn medala mynasyp boldular.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022