Türkmen Parlamenti iki palataly ulgama geçer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Parlamenti iki palataly ulgama geçer
Türkmenistanyň Prezidenti “Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer".

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy teklip etdi.

Aşgabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde çarşenbe güni geçen bu umumymilli forumda döwlet Baştutanymyz “Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder” diýip belledi.

Deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer diýip bellän milli Liderimiz, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Permana hem gol çekdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen dörediljek bu toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak baradaky iş toparyny döretmek Türkmenistanyň Mejlisine tabşyryldy. 

Konstitusion topara kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan döwlet wekilçilikli edarasynyň düzümini kämilleşdirmek we iki palatadan ybarat bu häkimiýetiň öňünde durýan wezipeler bilen bagly taýýarlanan teklipleri 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda seretmäge bermegi Türkmenistanyň Prezidenti teklip etdi.

2022