Türkmenistanyň Prezidentine “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentine “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakyldy
Döwlet Baştutanymyz bu adyň dakylmagynyň özüne uly jogapkärçiligi ýükleýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakyldy.

Çarşenbe güni geçen umumymilli forumda milli parlamentiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Mejlisiň degişli Kararyny yglan etdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu adyň dakylmagynyň özüne uly jogapkärçiligi ýükleýändigini nygtap, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň parahatçylykly bagtyýar ýaşaýyşyny üpjün etmekde mundan beýläk-de güýç-gaýratyny aýamajakdygyny beýan etdi.

Halk Maslahatynda milli Liderimiz zähmetde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de olara hormatly atlary dakmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewany, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, “ROSKOSMOS” döwlet korporasiýasynyň tälimçi – kosmonawt – synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak, olara – Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakynda Permana gol çekildi.

Şeýle hem maslahatyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakmak we Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.