Rus peýnir öndürijisi türkmen bazaryna isleg bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus peýnir öndürijisi türkmen bazaryna isleg bildirýär
Moskwada ýerleşýän bu önümçilik zawody 1934-nji ýyldan bäri hereket edýär.

Eredilen peýniri bilen meşhurlyk gazanan Russiýanyň “Karat” süýt önümleri zawody öz harytlaryny türkmen bazaryna girizmek üçin ýerli dilerleri gözleýär. Bu barada “TM Business Group” onlaýn sahypasy mälim etdi.

Moskwada ýerleşýän bu önümçilik zawody 1934-nji ýyldan bäri hereket edýär.

85 ýyl bäri eredilen peýnir öndürýän kompaniýa Russiýanyň iň uly eredilen peýnir we dorog öndürijileriniň arasynda birinji üçlüge girýär.

Häzirki wagtda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde dolandyrylýan kompaniýanyň önümleriniň hataryna “Druzhba”, “Wolna”, “Şokoladnyý” we “Ýantar” haryt nyşanly peýnirleri, “Violetta” haryt nyşanly dorog peýnirleri, “Karat domaşnyý” we “Delissir Feta” haryt nyşanly täze süýt önümleri girýär.

Kompaniýanyň 2017-nji ýyldaky dolanşygy 64 million dollardan gowrak boldy. Geçen ýylyň oktýabr aýyndaky maglumata görä, ýyllyk 20 müň tonna golaý taýyn peýnir önümlerini öndürýän kompaniýanyň Russiýadaky bazar paýy 11.7%-e deň boldy.

“Karat”-yň Türkmenistandaky dilerligini almak isleýänler kompaniýanyň öz web saýty arkaly ýa-da “TM Business Group” onlaýn sahypasy arkaly ýüz tutup bilerler.

2022