Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň baş diplomaty Antoniu Guterreş bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň baş diplomaty Antoniu Guterreş bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş duşuşdy. Surat: BMG.

Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda duşuşyk geçirildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde duşenbe güni geçen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gyzgyn salam ýetirildi.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleler toparyny ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Baş Sekretary sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň tagallalaryny kanagatlanarly belläp geçdi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Lýu Çženmi bilen duşuşdy.

Gepleşikde taraplar BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Duşenbe güni R.Meredow bilen BMG-niň az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili, Baş sekretaryň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamanu bilen duşuşygynda geljekki Wena Meýilnamasynyň işleriniň orta möhletde gözden geçirilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Ýokary wekil 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen BMG-niň ulag boýunça Ilkinji Global maslahatynyň dowamynda orta atylan Aşgabat prosesiniň ösüşiniň esasy tapgyrlarynyň biri boljak, 2020-nji ýylda deňize çykalgasy bolmadyk we ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibi goldady.

Türkmenistanyň DIM-niň duşenbe günki BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Rozmari A.Dikarlo bilen geçiren duşuşygynda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkeziniň işjeňligi bellenildi we durnuklylygy, howpsuzlygy we Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşini üpjün etmek boýunça merkeziň täze başlangyçlary aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem şol gün Nýu-Ýorkda iş saparynyň dowamynda R.Meredow BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow bilen duşuşdy. 

Taraplar BMG-niň agza döwletleriniň arasyndaky halkara terrorçylyga, ekstremizme we beýleki howplara garşy göreş ugrundaky borçnamalaryň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän täsirli mehanizmleri döretmäge gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi bilen bagly meseleler toparynyň üstünde durup geçdiler.

Duşenbe güni BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri terrorçylykdan azat bolan parahatçlygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksine gol çekdi.

Türkmenistanyň ýokarda agzalan halkara resminamasyna goşulmagy, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişine ýurdumyzyň berk ygrarlydygyny aňladýar.