“Maksatly Türkmen” binalary döwrebap bezeýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Maksatly Türkmen” binalary döwrebap bezeýär
Önümleriň arasynda daşky žalýuz, äpişge gabsalary, awtomatik derwezeler, sensorly gapylar, bassyrmalar bar.

“Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýeti döwrebap binalary bezemek üçin zerur bolan önümleri öndürýär.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda HJ-niň menejeri Läle Taganowa binalaryň daşky keşbini bezemek, öýde rahatlyk ýagdaýyny döretmek üçin jemgyýetiň işgärleri gurluşyk pudagynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman we uly islegden peýdalanýan önümleriň dürli görnüşlerini öndürýändiklerini belledi.

Önümleriň arasynda daşky žalýuz, balkonlary we garažlary bezemek we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ulanylýan awtomatlaşdyrylan äpişge gabsalary bardygyny aýdan menejer, dürli görnüşli awtomatik sensorly gapylar, böleklerden ybarat bolan awtomatik derwezeler, açylyp ýapylýan aýna düzütler, günden goraýan telärler, bassyrmalar,  binalaryň öň tarapy üçin silikonly alýumin penjireler, äpişge we gapy üçin bezegler, ofis üçin taplanan aýnadan ýasalan germewler uly islegden peýdalanýar diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Bizi Türkmenistanyň ähli gurluşyk edaralary tanaýar, sebäbi bu önümleriň ählisini olar yzygiderli satyn alýar” diýip beýan eden L.Taganowa “Biz täze gurlan we gurulýan köpsanly desgalarda ýaşaýyş jaýlary we ofisleri doly awtomatlaşdyrdyk” diýip sözüni dowam etdi.

Hojalyk jemgyýeti taplanan aýnany Türkiýeden getirilen enjamlarda öndürýän bolsa, ýokary hilli aýnalary Türkmenistanyň “Türkmen aýna önümleri” zawodyna sargaýar.

2022