“Ezber daýhan” şitilleriniň sanyny bir milliona ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ezber daýhan” şitilleriniň sanyny bir milliona ýetirdi
“Ezber daýhan” pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň sebitleşdirilen görnüşleriniň bir milliona golaýyny ýetişdirdi.

Şitil ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen “Ezber daýhan” fermer hojalygy şu ýyl Ahal welaýatynyň gök ekarançylaryna pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň sebitleşdirilen görnüşleriniň bir milliona golaýyny ýerleşdirdi.

Bu oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ygtyýarynda köpugurly ýyladyşhana we 100 gektar ekin meýdany bar. Fermerler ýyladyşhanalarda we açyk meýdanda her ýyl ekinlerden birnäçe hasyl alyp, 100-120 tonna gök ekin ýetişdirýärler. Önümiň aglaba bölegini olary gaýtadan işleýän we gaplaýan hususy haryt öndürijiler satyn alýarlar.

Şeýle hem telekeçiler ýyladyşhanalary gurmak we olaryň tehniki üpjünçiligi babatda hyzmatlary hem ýerine ýetirýärler. “Ezber daýhan” fermer hojalygynyň işiniň ýene bir ugry – ösümlikde seçgi işidir. Häzirki wagtda hojalygyň nahalhanasynda pomidoryň alty, ajy we bolgar burçuň üç görnüşi synag edilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileşmesiniň agzasy “Ezber daýhan” ýurdumyzda ilkinji bolup senagat möçberinde Pawloniýa, ýagny “Adam ata” daragty ady bilen tanalýan agaç nahallaryny ýetişdirip ugrady. Hojalygyň Ak bugdaý etrabyndaky tejribe meýdançasynda bäş ýüz düýpden gowrak bag nahallary ösüp otyr.

Pawloniýa ýetişdirmek ykdysasdy taýdan girdejilidir, çünki ol ynjyk bolman, tutuşlygyna, ýagny, köki, ýapragy we gülleri hem dünýä bazarlarynda köp islegli haryt. Olar köp ýerde, mebel we saz gurallaryny ýasamakda, nahar taýýarlamakda, derman önümçiliginde, parfýumeriýada, biotehnologiýada we beýleki ugurlarda ulanylýar.