TSTB hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi çapdan çykdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi çapdan çykdy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi çarşenbe güni metbugatda çap edildi.

Bu Kanun Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmekde onuň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýän bu Kanunyň ilkinji maddasynda beýan edilmeginä görä, Birleşme hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky, ýedinji maslahatynyň gün tertibine laýyklykda, parlamentarileriň garamagyna "Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky" Kanunyň taslamasy (täze redaksiýasy) hödürlenipdi.

Häzirki döwürde Birleşme dürli ugurlar boýunça uly döwlet taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýan hususy eýeçilik pudagynyň 23 müňden gowrak wekilini özünde jemleýär. TSTB-niň wekilhanalary Hytaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Awstriýada, onuň söwda öýleri bolsa Owganystanda we Hytaýda açyldy.

Parlamentariler "Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky" Kanunyň täze redaksiýasynyň TSTB-niň işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýändigini bellediler. Hususanda, ol bu jemgyýetçilik guramasynyň ygtyýarlyklaryny giňeldip, hem-de onuň hukuklaryny we borçlaryny anyklaşdyryp, ýurdumyzyň yzygiderli ösüşinde biznes jemgyýetçiliginiň ornuny ýokarlandyrýar.

2022