“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody häzirki güne çenli 20 töweregi gämini abatlady. Bu önümçilik desgasynda ýylda 2000 tonna polat işlemek arkaly 20 – 30 sany gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar.
Kärhananyň esasy iki wezipesiniň biri gämini abatlamak bolsa, beýlekisi ony gurmakdyr. Ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň üsti bilen, 4 – 6 gäminiň gurulmagyna niýetlenen zawodyň öňünde bu babatda anyk wezipeler durýar. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämileri, nebit tankerleri, deňiz platformalary, tirkegleri, katerleri ýasamaga mümkinçilik bar.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna degişli “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda geçen ýylyň dowamynda “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan “Türkmenistan”, “Magtymguly”, “Alaja”, “Bitarap”, “Bagtyýar”, portuň kömekçi flotuna degişli bolan “Laçyn”, “Ji Eý Si Marine” kompaniýasyna degişli bolan “Soltan” atly gämiler abatlanyldy.
Şu ýyl bolsa, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-ne degişli “Serdar”, “Gaýrat”, “Kenar”, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna degişli bolan “Aýdak”, “Ekerem”, “GAC Marine” kompaniýasyna degişli “Djanna” atly gämiler doly abatlanyldy.
Zawodyň abatlan gämileriniň hatarynda gury ýük gämileri, nebit daşaýjy tankerler, tirkeg we üpjün ediji gämiler, nebit-himiýa önümlerini daşaýjy tankerler, paromlar, kömekçi gämiler ýaly dürli görnüşli deňiz ulaglary bar. Şu ýylyň dowamynda gämileriň ýene birnäçesiniň abatlanylmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda zawodda kataraman transport ulagyny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Başga-da, zawodda ýerli önümleriň daşary ýurda eksporty üçin ulanyljak gury ýük, ýükleri düşürmek-ýüklemek amallaryny geçirmekde wagt tygşytlajak demir ýol paromlaryny, heläkçilikleri aradan aýyrmaga niýetlenen halas ediş gämilerini ýasamak meýilleşdirilýär.
Kärhananyň ýokary depginde dowam edýän işlerinde zawodyň işgärleriniň paýy uludyr. Häzirki wagtda zawoddaky ähli işler ýerli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň hünär derejesini artdyrmak üçin, olar Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýerleşýän “ASS swarka stroý TEK” merkezinde okadyldy.
Işlerini ýokary depginde alyp barýan “Balkan” gämi-gurluşyk we abatlaýyş zawody Hazaryň türkmen kenarynda täze iri gämileri ýasap, olary goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnawda ulanmagy maksat edinýär.