2025: Türkmenistan hususy pudagy ösdürmäge üns berýän býujeti tassyklady

BT
2025: Türkmenistan hususy pudagy ösdürmäge üns berýän býujeti tassyklady
10 ýyl Abadançylyk şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi. Onda hususy pudagy goldamaga aýratyn üns berilýär. Hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini goldamak arkaly 2025-nji ýylda döwlete dahylly bolmadyk pudagyň jemi içerki önümde (JIÖ) eýeleýän ornuny 71,6 göterime çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

“Türkmenistan” gazeti bu möhüm resminamada göz öňünde tutulýan işleri ara maslahatlaşmak üçin Mejlisiň ykdysady meseleler hem-de durmuş syýasaty komitetleriniň başlyklarynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginiň başlygynyň gatnaşmagynda “tegelek stol” duşuşygyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi sişenbe güni habar berdi.

Býujetiň umumy möçberi 123,8 milliard manada deň bolup, JIÖ-niň ösüşini 6,3 göterim derejede saklamak göz öňünde tutulýar. Býujetde durmuş ulgamyna aýratyn üns berlip, oňa serişdeleriň 76 göterimi gönükdiriler. Şonuň esasy bölegi bolsa bilim (37,2%) we saglygy goraýyş (13,4%) ulgamlaryna goýberiler.

Durmuşa geçirilýän özgertmelerde we döwlet maliýeleşdiriş işinde ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji bolan hususy pudagy goldamaga uly üns berilýär. Önümçilik we durmuş-medeni taslamalara işewürleri işjeň çekmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň artmagyny üpjün eder.

2025-nji ýylda Türkmenistan ykdysadyýetiň ösüşine 40,1 milliard manat gönükdirmegi göz öňünde tutýar. Şunda bu maýalaryň agramly bölegi hususy telekeçiligiň goldanylmagyan we ösdürilmegine gönükdiriler.

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölegi 102 milliard 313,5 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi gidejiler we çykdajylar boýunça 32 milliard 865,0 million manat möçberde tassyklanylypdy.

2022