Türkmenistan nagt däl hasaplaşyklara we sanly bank ulgamyna geçişi çaltlandyrýar

BT
Türkmenistan nagt däl hasaplaşyklara we sanly bank ulgamyna geçişi çaltlandyrýar
Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet täjirçilik banky, Bitarap Türkmenistan şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan

Häzirki zaman sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň bank ulgamy oňyn ösüşi görkezip gelýär. 2024-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna görä, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň “Sanly karz” ykjam goşundysy arkaly 7 müňden gowrak müşderä hyzmat edildi, berlen karz serişdeleriň möçberi bolsa 23 million manatdan gowrak boldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Türkmenistanyň täjirçilik banklary innowasion tehnologiýalary işjeň özleşdirýärler. “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky adaty töleg terminalynyň ornuny nagt däl hasaplaşyklaryna çalyşýan “Halkbank terminal” programma goşundysyny işe girizdi. 2024-nji ýylyň başyndan bäri onuň kömegi bilen 210,6 million manat möçberindäki pul geçirimleri amala aşyryldy. Munuň özi, geçen ýyldakydan 3,8 göterim ýokarydyr.

“Senagat” banky islendik ýerde we islendik wagtda aragatnaşyk, internet, telewideniýe we jerimler üçin tölegleri etmäge mümkinçilik berýän “Senagat töleg” goşundysyny hödürledi. Mundan başga-da, bu ykjam goşundy arkaly türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna pul geçirimleri amala aşyryp bolýar.

Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleriniň düýpli ýokarlanmagyna getirýär. 2013-nji ýylda bu görkeziji 4,2 million manada deň bolan bolsa, ol 2023-nji ýylda 17,3 milliard manatdan geçdi. 2024-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda bu san geçen ýylyň degişli döwründäkiden 17 göterim ýokarlanyp, 18,3 milliard manada ýetdi.

Maliýe amallarynyň ygtybarlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen banklaryň tehniki binýady yzygiderli berkidilýär. Kiberhowplaryna garşy durmak üçin döwrebap programma üpjünçilikleri, serwer enjamlary we ulgamlary satyn alynýar.

Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bank ulgamyna bolan ynamyň ýokarlanmagyny şertlendirmek bilen, maliýe hyzmatlaryny hödürlemek işini ýeňilleşdirýär we halkara maliýe bazarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.

2022