“Türkmenpoçta” onlaýn-abuna hyzmatyny hödürlemäge taýýarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenpoçta” onlaýn-abuna hyzmatyny hödürlemäge taýýarlanýar
Kompaniýa 1993-nji ýylyň ýanwar aýynda Bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy 2020-abuna ýazylyşygyň çäklerinde “Gazetlere we žurnallara abuna ýazylyşygy” programmasy arkaly müşderilere hyzmaty gurady.

“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň habar bermegine görä, ýakyn günlerde ulanyşa giriziljek onlaýn-ýazylyşyk hyzmatyndan “Türkmenpoçta” saýtynda peýdalanyp bolar. Onuň kömegi bilen okyjylar gazetlere we žurnallara oturan ýerlerinden ýazylyp bilerler.

Her ýyl internet hyzmatlaryny artdyrýan bu poçta aragatnaşyk kompaniýasy saýtyň üsti bilen çaparlary onlaýn çagyrmak hyzmatyny hem hödürleýär.

Häzirki wagtda "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynda 2000-den gowrak hünärmen zähmet çekýär, onuň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bölümçeleri bar. Kompaniýa 1993-nji ýylyň ýanwar aýynda Bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.

Kompaniýa demir ýol peteklerini satmak, kommunal hyzmatlaryna töleg etmek, Bütindünýä poçta birleşigine agza bolan islendik ýurda gyssagly poçtalary ugratmak ýaly hyzmatlary amala aşyrýar.

Bulardan başga-da, “Türkmenpoçtada” nagt däl görnüşinde töleg etmek hyzmatyny we harytlary öýlere eltip bermek hyzmatyny hem müşderilere hödürlenýär.

2022