Bu kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. Kanun harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasyndan, netijesi harydyň döredilmegi (öndürilmegi) bolup durýan işi ýerine ýetirmek hakynda şertnamadan, netijesi harydyň (zadyň) aýratynlyklarynyň we häsiýetnamalarynyň üýtgedilmegi bolup durýan hyzmatyň edilmegi hakynda şertnamadan hem-de şahsy (durmuş) hajatlaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen we girdeji almak bilen bagly bolmadyk beýleki şertnamalardan gelip çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasaty
Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir:
- sarp edijileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna;
- sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy bilen bagly hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine;
- sarp edijileriň gowy hilli harytlar (işler, hyzmatlar) bilen üpjün edilmegine.
Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap almaga bolan hukugy
1. Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap almaga hukugy bar.
2. Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijiniň amatly bolan wagtda gowy hilli harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap alyp bilmegini üpjün etmäge borçludyr.
3. Şu Kanunda we Türkmenistanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen hukuklara garanyňda sarp edijiniň hukuklaryny çäklendirýän şertnamanyň şertleri hakyky däl diýlip hasap edilýär.
4. Bir harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alynmagyny beýleki harydyň (işiň, hyzmatyň) hökmany satyn alynmagy bilen şertlendirilmegine rugsat berilmeýär.
5. Eger şertnamanyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sarp edijiniň razylygy bolmazdan satyjynyň, ýerine ýetirijiniň şu aşakdakylara hukugy ýokdur:
1) töleg alyp goşmaça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmäge. Sarp edijiniň görkezilen işler (hyzmatlar) üçin töleg tölemekden ýüz öwürmäge, eger olar tölenen bolsa – satyjydan, ýerine ýetirijiden ýerine ýetirilen iş (hyzmat) üçin tölenen goşmaça pul möçberleriniň gaýtarylmagyny talap etmäge;
2) sarp edijiniň satyn almakçy bolýan harydy (işi, hyzmaty) üçin tölegiň öňünden doly ýa-da bölekleýin tölenilmegini talap etmäge.
6. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, haryt (iş, hyzmat) saýlanylýan mahalynda haýsydyr bir artykmaçlyklaryň, göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmeleriň bellenilmegine rugsat berilmeýär.
7. Sarp edijileriň aýry-aýry toparlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde söwda, durmuş hyzmatynda we sarp edijilere hyzmat etmegiň başga görnüşlerinde ýeňillikler we artykmaçlyklar berlip bilner.
Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) öz wagtynda almaga bolan hukugy
Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) şertnamada bellenen möhletlerde almaga hukugy bardyr.
BT Hukuk Bölümi