TSTB-de geçirilen duşuşykda telekeçiligi maliýeleşdirmek maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-de geçirilen duşuşykda telekeçiligi maliýeleşdirmek maslahatlaşyldy
Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Nataliýa Tamirisa

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti anna güni Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Nataliýa Tamirisa, gaznanyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ykdysatçylary bilen duşuşdy.

Duşuşyga türkmen tarapyndan “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy we birleşmäniň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

TSTB-niň binasynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady hususy ulgamyň ösüşi boýunça maýa goýumlary hem-de kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Duşuşykda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply azyk we senagat önümlerini öndürmekde “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň, “Parahat” hususy kärhanasynyň, “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri barada bellenilip geçildi.

Türkmenistan Halkara pul gaznasyna 1992-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda agza boldy. Gaznanyň garaşýan netijesine görä, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6.3% bolar.

2022