Türkmenistanda haýsy kompaniýanyň akylly telefonlary has köp ulanylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda haýsy kompaniýanyň akylly telefonlary has köp ulanylýar?
Häzirki wagtda Türkmenistandaky telefon ulanyjylarynyň 66%-den gowragy “Samsung”, 5.18%-i “iPhone” ulanýar.

Soňky 10 ýyl bäri akylly telefon öndürijileriniň arasyndaky bäsdeşlik gyzgalaňly dowam edýär. Kompaniýalar ulanyjy endiklerini nazarda tutup, enjamlaryna täze aýratynlyklary girizmekde birinji bolmagyň aladasyny edýärler.

Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýyndaky maglumata görä, akylly telefon bazarynyň ýarysyndan köp bölegini “Samsung” (31.49%) we “Apple” (22.09%) kompaniýalary üpjün edýär. Bu kompaniýalaryň yzyndan “Huawei” (10.02%) we “Xiaomi” (7.79%) gelýär. 2011-nji ýylda telefon bazarynda ortaça 40% paýy bolan “Nokia” kompaniýasy bolsa, häzirki bazaryň 0.95%-ne eýe bolup durýar.

Telefon bazaryndaky esasy üýtgemeler 2013-nji ýylda başlandy. 2012-nji ýylyň dekabr aýyndaky maglumata görä, bazar paýlary bir-birine ýakyn bolan “Samsung” (22.94%), “Apple” (23.27%) we “Nokia” (25.97%) kompaniýalaryndan “Samsung” güýçlenmegini dowam etdirse, “iPhone” ulanyjylarynyň göterimi bir sydyrgyn saklandy.

“Android” we “iOS” dolandyryş ulgamlarynyň ulanyjy endikleri bilen çalt utgaşmagy dünýä bilen bir hatarda Türkmenistanyň hem telefon bazaryny üýtgetdi.

2012-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistandaky telefon ulanyjylarynyň 38.32%-i “Nokia”, 14.17%-i “Samsung”,10.4%-i “Apple”, 10.37%-i “Sony” we 6.25%-i “HTC” kompaniýalarynyň telefonlaryny ulanýardylar.

Görkezijiler 2014-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli düýpgöter üýtgedi. Bir ýarym ýyllyk döwürde “Galaxy Note 2”, “Galaxy Note 3”, “Galaxy S 3”, “Galaxy S 4”, “Galaxy Grand” we “Galaxy Ace 3” ýaly telefonlary öndüren “Samsung”-yň Türkmenistandaky bazar paýy 37.38%-e ýokarlandy. “iPhone” ulanyjylarynyň göterimi 16.84-e çenli ýokarlanan bolsa, “Nokia”-nyň bazar paýy 20.7%-e çenli azaldy.

“Huawei” türkmen bazaryna 2014-nji ýylyň ortalaryna girmäge başlady. Şol ýylyň awgust aýynda 1% bazar paýy bolan kompaniýanyň telefonlaryny 2019-njy ýylyň oktýabr aýyndaky maglumata görä, Türkmenistandaky telefon ulanyjylarynyň 6.52%-i ulanýar.

Türkmenistanyň akylly telefon bazarynda esasy üýtgeşmeleriň ýene biri üstümizdäki ýylyň dowamynda boldy. Oktýabr aýyna çenli hytaýly kompaniýalar “Xiaomi” we “Huawei”-niň bazar paýy “Apple”-i geçdi.

2016-njy ýylyň soňlaryna Türkmenistanda satylmaga başlanan “Xiaomi” kompaniýasynyň telefonlary 11.71%-lik görkeziji bilen ikinji orna ýerleşdi. “Xiaomi”-niň telefonlary üstümizdäki ýylyň awgust aýynda has köp satyldy, bazar paýy 13%-e golaýlady.

Häzirki wagtda Türkmenistandaky telefon ulanyjylarynyň 66%-den gowragy “Samsung”-yň enjamlaryndan peýdalanýan bolsalar, 5.18%-i “iPhone” ulanýar. 

2022