TSTB-niň başlygy we Belarus ilçisi işewürlik gatnaşyklary barada maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň başlygy we Belarus ilçisi işewürlik gatnaşyklary barada maslahatlaşdylar
Belarusyň ilçisi Türkmenistanyň senagat pudagy boýunça sergä aýlandy. Surat: mfa.gov.by

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy Aleksandr Dadaýew çarşenbe güni Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyny kabul etdi. Bu barada TSTB habar berýär.

TSTB-niň başlygy golaýda bellenen ilçä Birleşmäniň gurluşy, döwlet tarapyndan telekeçilere berilýän goldaw, agzalaryň ýeten sepgitleri hakynda gürrüň berdi. Türkmen hususy pudagynyň amala aşyran işleri barada aýdan A.Dadaýew kadalaşdyryjy ulgamyň kämilleşdirilmegi, iri kärhanalaryň döredilmegi, şeýle hem möhüm döwlet buýurmalarynyň ýerine ýetirilişi hakynda belläp geçdi.

Belarusyň Doly ygtyýarly wekili türkmen ykdysadyýetiniň durnuklylygy we ýurtda maýa goýumlary boýunça döredilýän mümkinçilikler barada belläp, göni işewürlik gatnaşygyny ýola goýmakda tagallalalar etjekdigini nygtady.

Işewürlik gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça pikir alyşmalaryň barşynda bu ugurda giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Hususan-da, senagat, oba-hojalyk, innowasion tehnologiýalar, bilelikdäki önümçiligiň döredilmegi we iri maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada agzaldy. Bu barada öňümizdäki ýyl Minskde iki ýurduň işewürlik Forumyny geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýene-de bir gezek ýurtlaryň arasyndaky hususy pudak boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdüriljegini tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze bellenen Belarus Respublikasynyň ilçisi Wýaçeslaw Beskostyny 9-njy oktýabrda kabul edipdi.

2022