HPG: Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,3% bolmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
HPG: Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,3% bolmagyna garaşylýar
Türkmenistan HPG-niň düzümine 1992-nji ýylyň sentýabr aýynda goşuldy.

Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça wekiliýeti Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygynda 5-12-nji noýabr aralygynda Aşgabatda iş saparynda boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň maksady Türkmenistandaky häzirki makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermekden, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de maslahatlary, şol sanda pul – maliýe ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. 

Iri maliýe guramasynyň bilermenleri ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewürler hem-de diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem-de geňeşmeleri geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna hem-de pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlaryna seljerme berildi, hasabatlara garalyp, olaryň esasynda makroykdysady çaklamalar düzülýär.

Sapardan soňra HPG-niň wekiliýeti 14-nji noýabrda öz saýtynda maglumat habaryny beýan etdi, onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň strategiýasyny maýa goýumlaryň hem-de importuň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň we eksporty höweslendirmegiň, maksatlaýyn ýeňillikli karzlary bermegiň, şeýle hem bu strategiýadan gelip çykýan halkara amallarda we töleglerde daşary ýurt pulunyň giň gerimli gözegçilik çäreleriniň hasabyna amala aşyrmagy dowam etdirýändigi bellenilýär.

Bularyň ählisi bilermenleriň pikirine görä, 2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi içerki önüminiň ösüş derejesiniň 6,3 göterime ýetiriljekdigini çaklamaga mümkinçilik berdi.

1944-nji ýylda döredilen gazna 189 ýurt agza bolup durýar. Türkmenistan HPG-niň düzümine 1992-nji ýylyň sentýabr aýynda goşuldy.

HPG-niň wekiliýetiniň geljekki sapary 2020-nji ýylyň mart aýyna meýilleşdirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022