“e.gov.tm” – döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“e.gov.tm” – döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly işe girizildi
“Turkmentel 2019” sergisinde köpçülige tanadylan bu portal arkaly häzirki wagtda internet, telefon, IPTV we öýjükli telefon hyzmatlary üçin tölegleri geçirip bolýar.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyny ulanyşa goýberdi. Aşgabatda dowam edýän “Turkmentel 2019” sergisiniň dowamynda çarşenbe güni köpçülige tanadylan bu portal arkaly häzirki wagtda internet, telefon, IPTV we öýjükli telefon hyzmatlary üçin tölegleri geçirip bolýar.

Agentligiň wekiliniň aýtmagyna görä, “e.gov.tm” portalyny kämilleşdiriş işi dowam edýär.

Doly taýyn bolanyndan soňra bu portal arkaly döwletiň bilim we medeniýet, saglyk, passport, registrasiýa, wiza, transport, sürüjilik, pensiýa, kömek puly, tutumlar, maşgala we çagalar, salgytlar we maýa goýumlar, telekeçilik we jemagat hojalygy birleşigi ýaly ugurlardaky hödürleýän hyzmatlaryny bir ýere jemlär.

Awtoulag ýol jerimelerini tölemek, suw, elektroenergiýa, gaz we ýylylyk töleglerini geçirmek, transport serişdelerine bilet almak, fiziki we ýuridik şahslar üçin salgyt hasabatyny ýöretmek, salgyt deklarasiýasyny kabul etmek, nika baglaşmagy we dogluşy bellige almak, lukmany öýüňe çagyrmak we lukmana ýazylmak ýaly hyzmatlar “e.gov.tm” portalynda elýeter bolar.

Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyna ady, familiýany we telefon belgisini görkezmek arkaly agza bolmak mümkin.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň wekilleri daşary ýurtda iş saparynda bolup bu ugurda tejribe aldylar.

2022