Moskwa şäherinde ýurduň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň (DIM) arasynda 28-29-njy noýabrda geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň gün tertibine GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalaryna degişli meseleler, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek girizildi.
Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistan bilen Russiýanyň DIM-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň hyzmatdaşlygy meselelerine seredilip geçildi.
Taraplar ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny, aýratyn hem GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Geňeşmelerde Türkmenistan bilen Russiýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn, sebitara we halkara gün tertibiniň esasy meselelerinde bir-birege düşünişmegiň ýokary derejesini nygtadylar.