Aşgabatda işewürlik meýdançasynyň sekizinji duşuşygy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda işewürlik meýdançasynyň sekizinji duşuşygy geçirildi
Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen çäräniň esasy mowzugy “Telekeçilikde mümkinçilikleri we töwekgelçilikleri dolandyrmak” boldy.

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň Maslahatçylar bölümi bilen bilelikde sişenbe güni “Işewürlik meýdançasy” duşuşyklarynyň sekizinjisini geçirdi.

Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen çäräniň esasy mowzugy “Telekeçilikde mümkinçilikleri we töwekgelçilikleri dolandyrmak” boldy.

Çäräniň açylyşynda ÝTÖB-niň wekili Natalýa Akmuradowa we TYB-iň başlygy Ýuriý Aronskiý çykyş etdi. Gurnaýjylar Türkmenistandaky telekeçilik işine syn berip, duşuşygyň soňunda gatnaşyjylaryň öz bizneslerini öňe itermekde peýdaly maglumatlar edinjekdiklerini aýtdylar.

Duşuşygyň gün tertibiniň birinji çykyşyny “MCT Agency” kompaniýasynyň direktory Daniil Maýkowskiý etdi. Maýkowskiý “Töwekgelçiliklerden gorkmalymy?” atly çykyşynda telekeçilik işinde töwekgelçilikleri dolandyrmak strategiýasynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Çäräniň “Töwekgelçilikleri öz bähbidiňize peýdalanyň” atly ikinji çykyşy “Halkara standart hyzmatlary” hususy kärhanasynyň direktory Wepa Mälikgulyýew tarapyndan ýerine ýetirildi.

Günüň ikinji ýarymynda gatnaşyjylar dört topara bölünip, “Bazarda size garaşýan howplar”, “Önümçilikde azyk howpsuzlygy”, “Maglumatlary aýawly saklamak üçin sowlan pullar özüni ödeýärmi?”, “Guramada bolup geçýän özgerişlikler we töwekgelçilikler” mowzuklarynda maslahatçynyň gatnaşmagynda özara maslahatlar geçirildi.

ÝTÖB bilen TYB “Işewürlik meýdançasy” duşuşyklarynyň ilkinjisini 2017-nji ýylyň maý aýynda geçirdi. Bu çäre ÝTÖB-niň "Kiçi göwrümli biznesler üçin konsultasiýa" atly maksatnamasynyň çäginde yzygiderli geçirilýär. Bu maksatnama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilip, ol işewürlik maslahatlarynyň gözleginde bolan telekeçilere goldaw bermegi maksat edinýär.