“Rönesans” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rönesans” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýär
“Rönesans Holding” “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasynyň gurluşygyny ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Döwlet Baştutany “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga örän jogapkärli çemeleşýändigini, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Erman Ylyjak öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Şol gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň dowamynda kompaniýa tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasynyň we “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň awgust aýynda “Garagum” myhmanhanasyny gurmak barada Aşgabat şäher häkimligine “Rönesans” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekipdi.

A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda ýerleşýän täze myhmanhananyň 2021-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga tabşyrylmagyna garaşylýar.

Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda gurulýan täze bäş gatly “Nusaý” myhmanhana toplumynda otaglaryň 131-si, şol sanda standart, lýuks we VIP derejeli otaglar ýerleşer. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 9-njy sentýabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe şäheriň merkezi künjeginde ýerleşýän bu myhmanhananyň adyny üýtgedip, oňa täze at dakmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

“Rönesans” kompaniýasy Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň hem gurluşygyna gatnaşypdy.

2022