Daşkentde Merkezi Aziýa DIM-leriniň orunbasarlary duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşkentde Merkezi Aziýa DIM-leriniň orunbasarlary duşuşdy
Duşuşyga Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdy.

Şenbe güni Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu barada BMG-niň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Bu formatdaky duşuşyklar 2008-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan her ýyl gurnalýar. Bu duşuşyk Daşkent şäherinde ilkinji sapar geçirilýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda sebit syýasaty we howpsuzlygy boýunça aktual meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, Merkezi Aziýa döwletlerine täsir edip biljek tendensiýalar barada pikir alşyldy.