Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda gurluşygy dowam edýän käbir desgalara aýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda gurluşygy dowam edýän käbir desgalara aýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat boýunça iş saparyny ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Ilki bilen döwlet Baştutany Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurulýan Söwda we dynç alyş merkezine geldi hem-de täze toplumyň gurluşygynyň derejesine aýratyn üns berdi. Bu desga Tähran köçesiniň ugrunda “Beýik – Bina” hususy kärhanasy tarapyndan gurulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasy barada durup geçip, şäher giňişliginiň durmuş gurşawyny guramagyň sazlaşykly bolmagynyň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolmalydygyny belledi.

Türkmen Lideri “Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir” diýip belläp, şol hyzmatlaryň bolsa elýeterli bolmalydygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat boýunça iş saparyny ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda dowam etdi.

Bu ýerde Prezident Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň barşy hem-de ýol gurmak işinde ulanylýan serişdeleriň hili bilen tanyşdy.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu ýoluň uzynlygy 600 kilometre golaý bolar.

Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy hem-de “Hyzmat merkezi”, “Edermen”, “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrýarlar.

Taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Aşgabat – Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, Tejen – Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda we Mary – Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Awtomobil ýoly bir ugurda esasy üç we bir goşmaça ulag zolakly bolar. Ýoluň umumy ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar. Bu ýerde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy ýerleşer.

2022