Mary welaýatyndaky “Täze balyk” hususy kärhanasy 6.5 tonnadan gowrak maýda balygy Hanhowuz suw howdanyna goýberdi.
Häzirki wagtda hususy kärhana welaýatyň Hanhowuz we Saryýazy suw howdanlarynda balyk awlamak bilen bir hatarda, olary köpeltmek işleri bilen hem meşgullanýar.
Balyk awlamakda giňden ulanylýan ýörite gaýyklar we beýleki serişdeler bilen üpjün edilen “Täze balyk”, şu ýylyň aýagyna çenli öz öňlerinde goýan meýilnamalaryny üstünlikli amal etmegi maksat edinýärler.
Türkmenistanda balykçylyk pudagy telekeçileriň ygtyýaryna berildi. Daşoguz welaýatynda “Ak durna” hususy kärhanasy, Lebap welaýatynda “Myradym” hususy kärhanasy balyk awlamak we köpeltmek işlerini alyp barýar.
Türkmenistan boýunça balyk ýetişdirmäge niýetlenen howdanlaryň umumy meýdany şu günki günde 1,216 gektara ýetýär. Şonuň 1,100 gektary harytlyk balyklaryň gezim howdany, 116 gektary bolsa, bir ýyllyk balyklary ýetişdirýän howdanlardyr.