“Gündogdy” Kerki howa menziline niýetlenen 200 gektar meýdany tekizledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gündogdy” Kerki howa menziline niýetlenen 200 gektar meýdany tekizledi
Uçarlaryň terminala barýan we ol ýerden ýolagçylary alyp, uçuş zolagyna ugraýan aýlaw ýodalary taýýar edildi.

Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň günbatar tarapynda “Gündogdy” hususy kärhanasy howa menziliniň gurluşygynyň alnyp baryljak 200 gektardan gowrak meýdany tekizledi.

Sagatda 100 ýolagça hyzmat edip biljek täze howa menziliniň gurluşygynda hünärmenleriň 300-e golaýy, tehnikalaryň 80-e golaýy dynuwsyz iş alyp barýar. Häzirki wagtda esasy güýjüň uçuş-gonuş zolagyna gönükdirilmegi bilen, umumy uzynlygy 2,700 metre, ini 60 metre ýetýän uçuş-gonuş zolagyndaky işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Gurluşykda ýerine ýetirilýän işler biri-biri bilen berk baglanyşykda, sazlaşykly alnyp barylýandygyny aýdan gurluşyk-gurnama meýdançasynyň başlygy Hudaýnazar Gurbanow, “Şu güne çenli eýýäm biz uçuş-gonuş zolagynyň aşagyna daş, toprak düşemek işlerini doly tamamladyk. Howa menziliniň daşyna haýat, germew aýlamak işleriniň 83 göterimini ýerine ýetirdik” diýip belleýär.

Gurbanowyň bellemegine görä, uçarlaryň terminala barýan we ol ýerden ýolagçylary alyp, uçuş zolagyna ugraýan aýlaw ýodalary taýýar edildi. Gurluşykçylaryň indiki wezipeleri bolsa, jemi 1730 inedördül metr meýdanda ýerleşýän ýolagçylar terminalyny gurmakdan ybaratdyr.

Welaýatyň merkezi şäheriniň howa menziliniň hem gurluşygyny amala aşyran “Gündogdy” hususy kärhanasy, Kerki şäherindäki raýat awiasiýasynyň täze desgasyny 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanyşa goýbermegi meýilleşdirýär.

2022