“Daşoguz” şypahanasynyň kömekçi hojalygy ilkinji banan hasylyny almagy başardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Daşoguz” şypahanasynyň kömekçi hojalygy ilkinji banan hasylyny almagy başardy
Geljekde şypahanada banan agaçlarynyň sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

“Daşoguz” şypahanasyna degişli ýyladyşhanada şu ýyl ilkinji gezek banan hasyly alyndy. Daşoguz welaýatynda ýerleşýän bu şypahananyň kömekçi hojalygynyň işgärleri tarapyndan ýetirişdirilen banan hasyly häzirki günlerde birnäçe düýp agaçdan alynýar.

Şypahananyň bagbany Sähet Sapargeldiýew banan agajyny ösdürip ýetişdirmegiň yzygiderli zähmeti talap edýändigini aýdyp, ilkinji gezekde hasyl almagy başarandyklaryny belledi.

“Banan agajy yssy ýurtlarda ösýändigi sebäpli, onuň idegi aşa yssyny talap edýär. Şonuň üçin onuň idegi hysyrdyly. Biz geljekde banan agaçlarymyzy has-da köpeltmegi göz öňünde tutýarys. Sebäbi, biziň indi bu ugurda ýeterlik tejribämizem, mümkinçiliklerimizem bar” diýip, Sapargeldiýew gürrüň berdi.

Şypahana 4.5 gektar meýdany eýeläp, oňa degişli 12 gektar meýdan özleşdirildi. Bu ýere degişli ýene 15 gektar meýdanda geljekde miwedir gök-önümler ösdürilip ýetişdirilmek göz öňünde tutulýar.

Daşoguz şäherinden 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän “Daşoguz” şypahanasy 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi.

2022