Türkmenistan Ýewropa ýurtlaryndaky diplomatlaryň üstüni ýetirýär; Portugaliýa ilçi bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Ýewropa ýurtlaryndaky diplomatlaryň üstüni ýetirýär; Portugaliýa ilçi bellendi
Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäheri

Türkmenistan Portugaliýa Respublikasyna ilçi belledi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni gol çekdi.

Permana laýyklykda Türkmenistanyň Fransiýadaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.

Jumaýew 2018-nji ýylyň 20-nji dekabryndan bäri Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesini ýerine ýetirip gelýär. Şu ýylyň 2-nji maýynda diplomat ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

Şeýle hem şu ýylyň 7-nji dekabrynda Jumaýewi Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekildi.

2022