Gymmatly kagyzlar bazarynyň esasy düşünjeleri

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gymmatly kagyzlar bazarynyň esasy düşünjeleri
Emissiýa – bu emitent tarapyndan gymmatly kagyzlaryň goýberilmegi we olaryň raýat-hukuk geleşikleriniň baglaşylmagy arkaly birinji eýelerine ýerlenilmegidir.

Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary hakyndaky kanunyndan, Türkmenistanyň gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň we dolanyşygynyň meselelerini we maýa goýum işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynyň netijeli işlemeginiň üpjün edilmegine, bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Gymmatly kagyzlar barada kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Emissiýa – bu emitent tarapyndan gymmatly kagyzlaryň goýberilmegi we olaryň raýat-hukuk geleşikleriniň baglaşylmagy arkaly birinji eýelerine ýerlenilmegidir.

Emissiýaly gymmatly kagyzlar – şol bir wagtyň özünde şu aşakdaky alamatlary bilen häsiýetlendirilýän gymmatly kagyzlar:

  • Kanunda bellenilen görnüşiň hem-de tertibiň berjaý edilmegi bilen tassyklanylmaga, geçirilmäge we amala aşyrylmaga degişli bolan emläk hukuklaryny berkidýärler;
  • goýberilişler bilen ýerleşdirilýärler;
  • özleriniň satyn alnan wagtyna garamazdan, bir goýberilişiniň içinde hukuklaryň amala aşyrylmagynyň deň möçberi we möhletleri bar;
  • emissiýanyň prospekti – emitent, onuň maliýe ýagdaýy, goýberýän gymmatly kagyzlarynyň möçberi we olaryň goýberilmeginiň şertleri barada, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda başga maglumatlary özünde jemleýän resminama;
  • gymmatly kagyzlar – mälim edilende birine geçirilmegi we amala aşyrylmagy mümkin bolan, özünde berkidilen emläk hukuklaryny tassyklaýan resminamalar. Gymmatly kagyzlar atly we teklip ediji üçin bolup bilýärler;
  • gymmatly kagyzlar bazary – fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklarynyň jemi;
  • gymmatly kagyzlaryň dolanyşygy – gymmatly kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň geçmegine getirýän raýat-hukuk geleşiginiň baglaşylmagy;
  • gymmatly kagyzyň eýesi – gymmatly kagyz özüne eýeçilik hukugynda ýa-da gaýry zat hukugynda degişli bolan şahs;
  • gymmatly kagyzlaryň resminamalaşan görnüşi – gymmatly kagyzlara bolan emläk hukuklary kagyz göterijisinde bellenilýän we eýesi bolmalysy ýaly görnüşde resmileşdirilen gymmatly kagyzyň ýa-da gymmatly kagyzyň sertifikatynyň görkezilmegi esasynda anyklanylýan ýa-da sertifikat deponirlenen halatynda – deponyň hasaby boýunça ýazgy esasynda anyklanylýan gymmatly kagyzlaryň görnüşi;
  • gymmatly kagyzlaryň resminamalaşmadyk görnüşi – gymmatly kagyzlara bolan emläk hukuklary gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda bellenilýän we eýesi görkezilen sanawdaky ýazgy esasynda anyklanylýan ýa-da gymmatly kagyz deponirlenen halatynda – deponyň hasaby boýunça ýazgy esasynda anyklanylýan gymmatly kagyzlaryň görnüşi;
  • gymmatly kagyzlaryň sertifikaty – emitent tarapyndan gymmatly kagyzlaryň eýesine onuň  sertifikatda gorkezilen gymmatly kagyzlarynyň sanyna bolan hukuklarynyň tassyklanylmagy üçin berilýän resminama.

Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” kanunyndaky beýleki düşünjeler Türkmenistanyň raýat we başga kanunçylygynda, şeýle hem şu Kanunyň degişli maddalarynda kesgitlenilen manylarynda ulanylýar.

BT Hukuk Bölümi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022