Lebaply tekeleçi pomidor hasylyny eksport etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply tekeleçi pomidor hasylyny eksport etmegi meýilleşdirýär
Geçen ýylyň dowamynda türkmen telekeçiler 16 müň tonna golaý pomidor hasylyny eksport etdiler.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda telekeçi Döwlet Hojamyradow özüniň 1.6 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanasyndan ilkinji hasylyny almaga garaşýar.

Telekeçi Hojamyradow geçen ýylyň sentýabr aýynda ýyladyşhanasynda 30 müňden gowrak “bandita” görnüşli pomidor nahallaryny oturtdy. Bu ýerde nahallar Türkiýeden getirilen Bambus arylary arkaly tozanlandyrylýar.

Ýakyn günlerde hasylyny ýygjak telekeçi önümlerini içerki bazarlara we daşary ýurtlara ibermegi meýilleşdirýär.

Her bir nahaldan 20-25 kilogram hasyl almaga garaşylýar. Häzirki wagtda ýyladyşhanada 15 adam zähmet çekýär.

Geçen ýylyň dowamynda türkmen telekeçiler 16 müň tonna golaý pomidor hasylyny eksport etdiler. Türkmenistandan pomidor esasan-da GDA ýurtlaryna we BAE eksport edilýär.

2022