Lebapda kaliforniýa kompost gibrid gurçuklaryndan peýdalanylyp başlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda kaliforniýa kompost gibrid gurçuklaryndan peýdalanylyp başlanar
Gibrid gurçuklarynyň köpelmegi we belli bir şertleriň döredilmegi bilen garamtyl reňkli, sähel ýagly we yssyz biogumus bölünip çykýar.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy Çaryguly Türkmenow öz hojalygynda kaliforniýa kompost gibrid gurçuklaryň üsti bilen biologik taýdan işjeň, ekologik taýdan arassa oba-hojalyk önümçiligi üçin niýetlenen tebigy organiki dökünini öndürýär.

Çaryguly Türkmenowyň aýtmagyna görä, biogumusyň önümçiliginde ilki bilen düzümi 80 göterim dersden we 20 göterimi çüýrän saman ýa-da agaç ýapraklaryndan ybarat bolan ýörite substratyň ýasalmagyndan başlanýar. Bu substrata gibrid gurçuklary ýerleşdirilip, olaryň köpelmegi we belli bir şertleriň döredilmegi bilen garamtyl reňkli, sähel ýagly we yssyz biogumus bölünip çykýar.

“4-6 hepdäniň dowamynda gibrid gurçuklar substratyň 40 göterimini iýýärler, 60 göterimini bolsa, biogumus görnüşinde bölüp çykarýar. 1 tonna biogumus 20-25 tonna dersi çalşyp bilýär.” diýip, Türkmenow belleýär.

Kärendeçi Çaryguly Türkmenow özüne bölünip beriljek ýerde biogumusyň önümçiligi üçin gurçukhana gurup, ýylda 300-400 tonna biogumus öndürmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanda oba hojalygyny mundan beýläk hem ösdürmekde täze innowasion tehnologiýalary we usullary ulanyşa girizilýär. Şol sebäpli Türkmenistanyň Oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň arasynda “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk jemgyýetleriniň klimat tarapyndan durnukly ykdysady durmuşyna goldaw bermek” maksatnamasy hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022