Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň we Ysraýylyň ilçileri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň we Ysraýylyň ilçileri bilen duşuşdy
Eýranly diplomat Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Eýranyň we Ysraýylyň ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales duşyşygyň başynda Türkmenistanyň baş diplomatyna öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlygyny beýan etdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Diplomatlar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny, şol sanda, ulag-üstaşyr ulgamyny hem-de iki goňşy döwletiň sebitleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylyň ähmiýeti we türkmen döwletiniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi saklamakda eýeleýän orny barada durup geçdiler.

Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Ysraýylyň ilçisi Moşe Kamhini bilen duşuşykda ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Ysraýylly diplomat türkmen tarapyna özara bähbitli hyzmatdaşlygy we onuň diplomatik wezipesini durmuşa geçirmeginde beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen 1992-nji ýylda, Ysraýyl bilen 1993-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.

2022