Pakistan Türkmenistan bilen göni howa gatnawyny ýola goýmak isleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistan Türkmenistan bilen göni howa gatnawyny ýola goýmak isleýär
Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşan ýurduň Senatynyň ýolbaşçysy Sadik Sanjrani Türkmenistan Pakistanyň möhüm hyzmatdaşydygyny belledi.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow bilen duşuşan ýurduň Senatynyň ýolbaşçysy Sadik Sanjrani Türkmenistan Pakistanyň möhüm hyzmatdaşydygyny belläp geçdi. Bu barada APP agentligi habar berýär.

Sanjraniň aýtmagyna görä, Pakistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Gwadar şäheri Merkezi Aziýa döwletleri, esasan-da Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin gysga ýoly üpjün edýär. Şeýle hem pakistan resmisi söwda, ulag, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklarda degişli platformalary döretmek arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň gerekdigini belläp, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem bertkitmegiň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Senatyň ýolbaşçysy pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň ýakyn wagtda mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Senatyň başlygy Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmagyň ähmiýetini we mümkinçiliklerini belläp geçdi.

Sanjrani parlament derejesindäki gatnaşyklaryň wajypdygyny aýdyp, institusional hyzmatdaşlyk we parlament derejesindäki wekiliýetiň duşuşygy iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkemegine ýardam berjekdigini agzady.

“The News” gazeti Pakistanyň Energetika ministrligine salgylanyp, iki ýurduň Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gazgeçirijisinden akjak tebigy gazyň ätiýaçlandyrylmagy boýunça gepleşikler geçirjekdigini we gepleşikleriň 2020-nji ýylyň ýanwar aýyna meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Şeýle hem TOPH gazgeçirijisi bilen ugurdaş, güýjenmesi 500 kilowatt bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamasy durmuşa geçiriler.