Aşgabatda Bitaraplyga bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi; 12 resminama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Bitaraplyga bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi; 12 resminama gol çekildi
Aşgabadyň “Oguzkent” myhmanhanasynda sişenbe güni “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Halkara maslahaty geçirildi.

Aşgabadyň “Oguzkent” myhmanhanasynda sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň açylyşynda çykyş eden türkmen Lideri “Biziň ýurdumyz hem ikitaraplaýyn, hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleri yzygiderli öňe sürýär we olary çözmäge çalyşýar.” diýip belledi.

“Biz milli we umumy adamzat bähbitli meseleleriň üstünde durup geçip, olar babatda pikir alyşarys” diýip çykyş eden Prezident Berdimuhamedow, ýakyn geljekde bilelikde amala aşyrylmaly işleri bellejekdigini nygtady.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda BMG bilen hyzmatdaşlyk boýunça 12 resminama gol çekildi. Bu resminama 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň wekilleriniň arasynda meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary öz içine alýar.

BMG-niň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Statistika baradaky döwlet komiteti degişli ugurlarda ylalaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim we Daşary işler ministrlikleri BMG-niň wekillikleri bilen resminama gol çeken edaralar boldy.

2022