Ýewropadaky türkmen diplomatlary täze wezipelere bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropadaky türkmen diplomatlary täze wezipelere bellendi
Türkmenistanyň Berlin şäherindäki wekilhanasy

Ýewropa ýurtlaryndaky Türkmenistanyň birnäçe ilçisiniň ýerleri üýtgedildi.

Diplomatlary wezipä bellemek hakyndaky Permanlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni gol çekdi.

Türkmenistanyň Germaniýadaky, (Berlin şäheri) Polşadaky, Daniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew eýelän wezipelerinden boşadyldy. T.Ataýew diplomat wezipesine Ukrainanyň Kiýew şäherinde dowam eder.

Berdimurat Rejepow Türkmenistanyň Italiýadaky (Rim şäheri) Ysraýyldaky, Ispaniýadaky, Gresiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi şeýle hem BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipelerinden boşadylyp, Germaniýanyň ilçisi wezipesine bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Toýly Kömekow Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

2022