Türkmenistanda ilkinji gezek implantat arkaly eşitmegi dikeltmek operasiýasy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ilkinji gezek implantat arkaly eşitmegi dikeltmek operasiýasy geçirildi
Kohlear implantat ýokary tehnologiýa bolup, onuň oturdylmagy hassanyň eşitmegini dikeltmäge, gürleşmäge we daşarky seslerden lezzet almaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň we Germaniýanyň saglygy goraýyş pudagynyň hünärmenleri bilelikde Türkmenistanda ilkinji gezek eşitmekden galan we doly mahrum bolan hassalara häzirki zaman hirurgiki bejeriş usulyny – kohlear implantaty oturtmak operasiýany üstünlikli amala aşyrdylar.

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinde operasiýany amala aşyrmaga germaniýaly professorlar – otorinolaringolog Ýohannes Senk hem-de anesteziolog Klaus Çaýkowskiý gatnaşdyrlar.

“Kohlear implantaty eşitmekden galan we doly mahrum bolan hassalary bejermegiň has netijeli usuly bolup, ol haçan-da, gulak enjamlary kömek edip bilmedik ýagdaýynda eşitmegi dikeltmäge ýardam edýär” diýip, professor Ýohannes Senk aýdýar.

Çaýkowskiýniň gürrüň berşi ýaly, kohlear implantatany oturtmak boýunça geçirilen hirurgiýa operasiýasy örän çylşyrymly, emma çaganyň geljekki ykbaly üçin örän möhüm bolup durýar.

“Operasiýadan soň dikeldiş işlerini geçirmek keseli bejermegiň zerur bölegi bolup, onuň barşynda uýgunlaşma, eşidiş we sözleýiş ukyplary dikeldilýär” diýip, germaniýaly lukman Çaýkowskiý belleýär.

Kohlear implantat ýokary tehnologiýa bolup, onuň oturdylmagy hassanyň eşitmegini dikeltmäge, gürleşmäge we daşarky seslerden lezzet almaga mümkinçilik berýär. 

2022