Türkmenistanda 2020-nji ýylda 10 million düýp nahal ekiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 2020-nji ýylda 10 million düýp nahal ekiler
Türkmenistanda şu ýylyň dowamynda jemi 10 million düýp saýaly we miweli agaç nahallary oturdylar.

Türkmenistanda şu ýylyň dowamynda saýaly we miweli agaç nahallarynyň we üzümiň 10 million sanysy ekiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek baradaky Karara anna güni gol çekdi. Bu Karar ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady göz öňünde tutýar.

Ýurduň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahalyny oturtmak tabşyryldy.

Welaýatlaryň häkimlikleri bolsa, resminama laýyklykda welaýatlaryň çäginde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmeli.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. 

Şeýle hem resminama bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022