Ulag we kommunikasiýa agentlikleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ulag we kommunikasiýa agentlikleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi
“Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň düzümine birnäçe üýtgeşmeleri girizdi.

Ministrler Kabinetinde senagat toplumy ulag we aragatnaşyk toplumyndan aýryldy. Şunuň bilen baglylykda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulag we kommunikasiýa toplumy hem-de gurluşyk we senagat toplumy döredildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde ulag we kommunikasiýa, gurluşyk we senagat hem-de söwda toplumlary boýunça orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanawyny tassyklady.

Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Permana laýyklykda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň “Türkmensenagat” agentliginiň işi bes edilip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi.

Täze ministrlik işini bes eden Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň “Türkmensenagat” agentliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlendi.

Işini bes eden Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliklerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermeli diýlip, Permanda aýdylýar.